Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASY BILEN STRATEGIK HYZMATDAŞLYK ÖSDÜRILÝÄR

    Ýakynda...

  • DUŞUŞYK GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • PARAHATÇYLYK WE DURNUKLYLYK — BITARAPLYGYŇ BAŞ ÝÖRELGESI

    Şu gün...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – PARAHATLYK WE DOST-DOGANLYK ÝÖRELGESI

    Şu gün...

  • ARKADAG ŞÄHERI MILLI LIDERIMIZIŇ KÄMIL BINAGÄRLIK ESERI

    Şu gün...

Türkmenistan–Russiýa parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmeginde möhüm ädim

2022-nji ýylyň 9-njy noýabrynda  Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň we Türkmen Oba hojalyk institutynyň Daşoguz Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda “Türkmenistan-Russiýa parlamentara gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde möhüm ädim”  atly maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler iki döwletiň arasyndaky parlamentara gatnaşyklarynyň giň gerimlere eýe bolýandygy barada belläp geçdiler. Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň başlyklygyna bellenilmegi bilen ýurdumyzyň beýleki döwletler bilen parlamentara gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň netijesinde baý tejribeler gazanyldy. Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasyna amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklarynyň ösdürilmegi barada parlamentara maslahaty geçirildi. Şeýle hem saparyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň ýokary derejedäki sylagy bolan “Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin” atly ordeni bilen sylaglanmagynyň aýratyn uly ähmiýeti dogrusynda aýdyp geçildi. Duşuşygyň dowamynda iki döwletiň arasynda alnyp barylýan gatnaşyklaryň soňky ýyllarda has ösendigi giň gerime eýe bolandygy dogrusynda çykyşlar edildi. Maslahat Hormatly Prezidentimize Gahryman Arkadagymyza ýurdumyzy ösdürmek ugrunda alyp barýan taýsyz tagallalary üçin hoşallyk sözleri bilen jemlendi.

TSTP