Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BITARAPLYK DIPLOMATIÝASY: HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ SAÝASYNDA ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝYNYŇ ARTMAGY

    Ýakynda...

  • PARAHATÇYLYK WE BITARAPLYK: GARAŞSYZ TÜRKMENISTANYŇ HALKARA ABRAÝY

    Ýakynda...

  • GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ WE ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ SAÝLAP ALAN ÝOLY-BEÝIK GELEJEGIŇ KEPILI

    Türkmenistanyň...

  • ALABAÝ – TÜRKMENIŇ BUÝSANJY WE WEPALY DOSTY

       ...

  • Agzybirlik, parahatçylyk we ösüş –– Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik ýörelgesi

       ...

Ekologiýanyň abadançylygy-jemgyýetiň baýlygy

2022-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň  Daşoguz welaýat komitetiniň we Daşoguz welaýatynyň  2-nji hünär-tehniki okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Ekologiýanyň abadançylygy-jemgyýetiň baýlygy atly düşündiriş-wagyz çäresi geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz günsaýyn ösýär, bedew bady bilen öňe barýar. Daşky gurşawy goramak ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzda ekologiýa howpsuzlygyny amala aşyrmak ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işler dogrusynda belläp geçdiler. Şeýle hem ýurdumyzda häzirki wagtda ekilýän täze agaç nahallarynyň geljekde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekdäki orny dogrusynda çykyşlar edildi. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzda bu ugurlarda alnyp barylýan işleriň ähmiýeti we wajyplygy dogrusynda baý many mazmuna eýe bolan çykyşlar öz ornuny aldy. Hormatly Prezidentimiziň ekologiýa howpsuzlygy meselesi halkara başlangyçlarynyň hem esasylarynyň biri bolup durmak bilen ony amala aşyrmak üçin birnäçe başlangyçlary BMG-nyň sessiýalarynda hem belläp geçýändigi dogrusynda hem aýdylyp geçildi. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimize ýurdumyzy ösdürmek, bagy-bossanlyga öwürmek ugrunda alyp barýan taýsyz tagallalary üçin köp sag bolsun aýtdylar. Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutýan tutumly işleriniň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

TSTP