Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BITARAPLYK DIPLOMATIÝASY: HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ SAÝASYNDA ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝYNYŇ ARTMAGY

    Ýakynda...

  • PARAHATÇYLYK WE BITARAPLYK: GARAŞSYZ TÜRKMENISTANYŇ HALKARA ABRAÝY

    Ýakynda...

  • GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ WE ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ SAÝLAP ALAN ÝOLY-BEÝIK GELEJEGIŇ KEPILI

    Türkmenistanyň...

  • ALABAÝ – TÜRKMENIŇ BUÝSANJY WE WEPALY DOSTY

       ...

  • Agzybirlik, parahatçylyk we ösüş –– Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik ýörelgesi

       ...

Hormatly Prezidentimiziň ekologiýa syýasaty boýunça – giň gerimli işler durmuşa geçirilýär

2022-nji ýylyň 11-nji noýabrynda “Türkmen senet” hojalyk jemgyýetinde “Hormatly Prezidentimiziň ekologiýa syýasaty boýunça – giň gerimli işler durmuşa geçirilýär” atly düşündiriş-wagyz çäresi geçirildi. 

Çärede Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ägirt uly işler üstünlikli durmuşa geçirilip, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan daşky gurşawy goramak boýunça çärelere, tebigata aýawly garamaga hem-de bioköpdürlüligi üpjün etmäge aýratyn üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň martynda Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýurdumyzyň ekologiýa ulgamynda öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasy bolandygy bellenildi. Şeýle hem ýurdumyzda bu ugurda Milli tokaý maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti we onuň çäklerinde şäherlerde we obalarda ýaşyl zolaklarynyň giňeldilmegi ugrunda bag ekmek çäreleriniň yzygiderli geçirilýändigi barada nygtaldy, şeýle hem hususyýetçilerimize döredilýän mümkinçilikler dogrusynda aýdylyp geçildi. Oňa gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP