Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BITARAPLYK DIPLOMATIÝASY: HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ SAÝASYNDA ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝYNYŇ ARTMAGY

    Ýakynda...

  • PARAHATÇYLYK WE BITARAPLYK: GARAŞSYZ TÜRKMENISTANYŇ HALKARA ABRAÝY

    Ýakynda...

  • GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ WE ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ SAÝLAP ALAN ÝOLY-BEÝIK GELEJEGIŇ KEPILI

    Türkmenistanyň...

  • ALABAÝ – TÜRKMENIŇ BUÝSANJY WE WEPALY DOSTY

       ...

  • Agzybirlik, parahatçylyk we ösüş –– Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik ýörelgesi

       ...

Beýik özgertmeler ýoly ýaş telekeçileriň ýörelgesidir

2022-nji ýylyň 3-nji noýabrynda “Türkmen şöhle” hususy kärhanasynda ýaşlary ýurdumyzyň esasy ugurlaryň biri bolan telekeçiligi ösdürmek işine höweslendirmek maksady bilen, “Beýik özgertmeler ýoly ýaş telekeçileriň ýörelgesidir” atly duşuşyk geçirildi. Bu duşuşykda Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler we ýetilen sepgitler dogrusynda Türkmenistan Watanymyzyň ösüşleri hem-de dünýä ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň hasda berkeýänligi şeýle hem hususyýetçilerimize döredilýän mümkinçilikler dogrusynda aýdylyp geçildi. Hormatly Prezidentimiziň telekeçilere döwlet tarapyndan goldaw bermek, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda hususy ulgamyň kuwwatyndan giňden peýdalanmak bilen birlikde Diýarymyzda sanlylaşdyrmagy ilerletmek we intellektual ulgamlaryň mundan beýläk işlemegini, olaryň özara we dünýä bilen aragatnaşyk saklamagyny üpjün etmek boýunça giň mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda hususyýetçiligiň ösdürilmegi ugrunda edýän uly tagallalary üçin köp sag bolsun aýtdylar we Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP