Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASY BILEN STRATEGIK HYZMATDAŞLYK ÖSDÜRILÝÄR

    Ýakynda...

  • DUŞUŞYK GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • PARAHATÇYLYK WE DURNUKLYLYK — BITARAPLYGYŇ BAŞ ÝÖRELGESI

    Şu gün...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – PARAHATLYK WE DOST-DOGANLYK ÝÖRELGESI

    Şu gün...

  • ARKADAG ŞÄHERI MILLI LIDERIMIZIŇ KÄMIL BINAGÄRLIK ESERI

    Şu gün...

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe - ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine döwletara gatnaşyklary ösdürilýär

2022-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň hem-de Daşoguz welaýat Gümrükhanasynyň bilelikde gurnamagynda, Gümrükhananyň mejlisler jaýynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy  döwründe - ählumumy  durnukly ösüşiň bähbidine döwletara gatnaşyklary ösdürilýär” atly maslahat geçirildi.

         Maslahatda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyz uly ösüşlere beslenýändigi barada giňişleýin bellenildi.  Döwletimiziň halkara derejesindäki at abraýy bahra belende galýar. Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk Bitaraplyk derejesi Ata Watanymyzyň at abraýynyň hasda belende galmagyna özüniň oňyn täsirini ýetirýändigi barada aýtdylar. Şeýlede ýurdumyzyň dostlukly gatnaşyklarynyň hususy ulgamyň ösüşine ýetirýän amaly täsirleri barada aýratyn nygtap geçdiler. Hemde ýurdumyzda hususy ulgamyň halkara gatnaşyklaryny ösdürmekde döredilýän ähli amatly şertler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

TSTP