2022-nji ýylyň 7-nji iýulynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özgerýän we gülläp ösýän Türkmenistan Hormatly Prezidentimiziň döredijilik zehininiň nyşanydyr” atly maslahat geçirildi.
Çykyşlarda ata-babalarymyzyň açyklyk, myhmansöýerlik, hoşniýetli goňşuçylyk ýaly asylly ýörelgeleri Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan milli diplomatiýamyzyň binýadynda durýan gymmatlyklardyr. Şunda goňşy döwletler, hususan-da, Hazarýaka döwletler bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir. Şu ýylyň 29-njy iýunynda paýtagtymyzda ýokary derejede geçirilen Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň altynjy sammiti ýurdumyzyň baý taryhy tejribä esaslanýan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň kämil nusgasyny bütin dünýä äşgär etdi. Ýokary derejeli duşuşygyň sebitiň gün tertibinde durýan derwaýys meseleler we mümkinçilikler boýunça düýpli pikir alyşmalaryň oňaýly meýdançasyny emele getirendigi bolsa buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Halkara gatnaşyklaryň nazaryýeti we taryhy nukdaýnazaryndan alanyňda, deňze çykalgasynyň bolmagy islendik döwlete geosyýasy taýdan giň mümkinçilikleri açýar.
Möhüm syýasy çözgütler we anyk özara bähbitli taslamalar bilen berkidilýän ykdysady hyzmatdaşlyk üçin açyk bolan Hazar sebitiniň geljegi uly mümkinçilikleriniň iş ýüzünde netijeli peýdalanylmagy sebitde geljegiň strategik nusgasyny — hyzmatdaşlygyň, işewürligiň, ylmy we tehnologik kuwwatyň birleşýän mekanyny kemala getirýär. Şeýle nusgalyk hyzmatdaşlygyň gözbaşynda ýurdumyzyň yzygiderli öňe sürýän döwrebap başlangyçlary, durmuşa geçirýän hoşniýetli daşary syýasatynyň anyk maksatlary durýar belläp geçdiler.
Oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
TSTP