Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK TAGLYMATLARY DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

    Şu gün...

  • BITARAPLYK SYÝASATY WE ONUŇ DÜNÝÄ ÝURTLARYNYŇ ARASYNDA NUSGALYK ÝOLY

    Ýakynda...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – HOŞNIÝETLI GATNAŞYKLARYŇ BINÝADY

    Golaýda...

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Şu...

  • TELEKEÇILER ÝURDUMYZYŇ ALTYN GAZNASYDYR

    Şu gün...

Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

2022-nji ýylyň 22-nji iýunynda  Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet Gümrük gullugynyň Daşoguz welaýat Gümrükhanasynyň bilelikde gurnamagynda welaýat Gümrükhanasynyň mejlisler jaýynda häzirki döwürde innowasion tehnologiýalaryň, ylmyň gazananlarynyň, sanly maglumatlaryň gündelik durmuşymyza giňden ornaşýandygy sebäpli, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak barada düşündiriş işlerini alyp barmak boýunça duşuşyk geçirildi. 
Duşuşyga Türkmen Oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlary hem gatnaşdylar. Bu ýerde Hormatly Prezidentimiziň telekeçilik pudagyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleri we oňa dahylly edara kärhanalar tarapyndan ýerine ýetirilýän işler dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Şeýle hem Gümrük nokatlarynda telekeçiler üçin önümlerini bökdençsiz eksport etmegiň mümkinçilikleri barada aýdylyp geçildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hünärmenleri ýaşlary telekeçilige çekmek we bu pudagyň ösüşi üçin alynyp barylýan Döwlet syýasaty bilen bagly wagyz-nesihat çykyşyny ýerine ýetirdi. Duşuşykda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan gelýän önümleriň ornuny tutýan önümleri öndürmek we eksportyň gerimini giňeltmek boýunça alyp barýan syýasatyna öz mynasyp goşantlaryny goşjakdyklary barada belläp geçdiler. Duşuşygyň dowamynda Arkadagly Serdarymyza hususy telekeçiligi ösdürmek ugrunda edýän tagallalary üçin minnetdarlyk sözlerini beýan etdiler. 

TSTP