Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BITARAPLYK DIPLOMATIÝASY: HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ SAÝASYNDA ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝYNYŇ ARTMAGY

    Ýakynda...

  • PARAHATÇYLYK WE BITARAPLYK: GARAŞSYZ TÜRKMENISTANYŇ HALKARA ABRAÝY

    Ýakynda...

  • GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ WE ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ SAÝLAP ALAN ÝOLY-BEÝIK GELEJEGIŇ KEPILI

    Türkmenistanyň...

  • ALABAÝ – TÜRKMENIŇ BUÝSANJY WE WEPALY DOSTY

       ...

  • Agzybirlik, parahatçylyk we ösüş –– Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik ýörelgesi

       ...

“Sarpasy belent Pyragy”

2022-nji ýylyň 24-nji iýunynda “Ak bulut” hojalyk  jemgyýetinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly  Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Sarpasy belent Pyragy” atly  maslahat geçirildi. 

Maslahatda  çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň eserleri, pähimleri, durmuş ýoly boýunça şeýle hem  Magtymguly Pyragy XVIII asyrda ýaşan, türkmen klassyky edebiýatynyň kämilleşmegine örän uly goşant goşan, türkmen edebi dilini ösdürmekde uly işler bitiren şahyrdyr. Magtymguly Pyragy öz halkynyň azatlygyny we özbaşdaklygyny arzuw eden, halk arasynda beýik söýgä mynasyp bolan nusgawy şahyrdyr. Magtymguly özüniň dürdäne döredijiligi bilen adamkärçiligiň iň gowy suratlaryny wasp edip, ulumsylyk edýänleri, tekepbirleri, şöhratparazlary, harsy dünýäleri rehimsiz paş eden şahyrdyr. Magtymguly edebiýaty halk köpçüligine has ýakynlaşdyrýar diýip belläp geçdiler.  Oňa gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimiziň  milli medeniýetimizi, milli mirasymyzy dikeltmekde  alyp barýan ägirt uly işleri üçin köp sagbolsunlar aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzy, Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, arzuw etdiler.

TSTP