Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK TAGLYMATLARY DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

    Şu gün...

  • BITARAPLYK SYÝASATY WE ONUŇ DÜNÝÄ ÝURTLARYNYŇ ARASYNDA NUSGALYK ÝOLY

    Ýakynda...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – HOŞNIÝETLI GATNAŞYKLARYŇ BINÝADY

    Golaýda...

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Şu...

  • TELEKEÇILER ÝURDUMYZYŇ ALTYN GAZNASYDYR

    Şu gün...

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ömrümiň manysy” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy

     2022-nji ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Daşoguz welaýaty boýunça bölüminiň mejlisler jaýynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ömrümiň manysy” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirildi.

 Tanyşdyrylyş dabarasyndaky çykyşlarda many-mazmuny boýunça örän gymmatly eseriň Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen umumadamzat medeniýetiniň ösüşine saldamly goşant goşan şöhratly pederlerimiziň mirasyny öwrenmek, wagyz etmek we toplamak boýunça alnyp barylýan ylmy-edebi işleriň beýanydygy, parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýandygy, halkymyzyň bagtly, eşretli durmuşynyň bolsa ýetilen belent sepgitlerimizden habar berýändigi uly buýsanç bilen nygtaldy. Dabara gatnaşyjylar türkmen halkynyň dostluk, agzybirlik, myhmansöýerlik, ruhubelentlik, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň many-mazmunyny giňişleýin açyp görkezýän bu kitabyň jemgyýete mynasyp nesli terbiýelemekde uly ähmiýete eýe boljakdygyny buýsanç bilen belläp, Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, şeýle ajaýyp eserleriniň höwrüniň köp, döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

     

TSTP