Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BITARAPLYK DIPLOMATIÝASY: HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ SAÝASYNDA ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝYNYŇ ARTMAGY

    Ýakynda...

  • PARAHATÇYLYK WE BITARAPLYK: GARAŞSYZ TÜRKMENISTANYŇ HALKARA ABRAÝY

    Ýakynda...

  • GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ WE ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ SAÝLAP ALAN ÝOLY-BEÝIK GELEJEGIŇ KEPILI

    Türkmenistanyň...

  • ALABAÝ – TÜRKMENIŇ BUÝSANJY WE WEPALY DOSTY

       ...

  • Agzybirlik, parahatçylyk we ösüş –– Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik ýörelgesi

       ...

Sagdyn bedende sagdyn ruh

         2022-nji ýylyň 8-nji aprelinde Telekeçi A.Möwlamowyň “Ýelken” aýakgap önümçilik kärhanasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda “Sagdyn bedende sagdyn ruh” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

     Bu çärede çykyş edenler Hormatly Prezidentimizi ynsanperwer syýasaty esasynda ähli ulgamlaryň ösmegini nazarlap uly möçberde çäreler görülýär, halkymyzyň abadan we parahat durmuşda ýaşap zähmet çekmekleri üçin müňlerçe iş orunlary döredilýär. Halkymyz üçin edilýän bu ägirt uly işler bilen bir hatarda halkymyzyň saglygyny goramak, sagdyn nesilleri ýetişdirmek, raýatlarymyzy sagdyn durmuş ýörelgeleri bilen ýaşatmak we ýaşlarymyzy sporta çekmek bu ugurda gyzyklanýanlaryň sanyny artdyrmak we sporty ösdürmek maksady bilen, ýurdumyzyň ähli künjegünde etrapdyr şäherlerde şol sanda paýtagtymyzda toplumlaýyn çäreler geçirilýär. Köpçülikleýin sport ýaryşlary, woleýbol, futbol oýunlary, welesport, suwda ýüzmek, uzak aralyga ylgamak boýunça marafon ýaryşlarynyň dowamly geçirilip durulmagy bu aýdylanlara mysaldyr. Ýurdumyzda “Saglyk” maksatnamasyny durmuşa geçirmek, sporty ösdürmek boýunça hem üstünlikli işler alnyp barylýar diýip belläp geçdiler.  Çäre gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP