Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BITARAPLYK DIPLOMATIÝASY: HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ SAÝASYNDA ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝYNYŇ ARTMAGY

    Ýakynda...

  • PARAHATÇYLYK WE BITARAPLYK: GARAŞSYZ TÜRKMENISTANYŇ HALKARA ABRAÝY

    Ýakynda...

  • GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ WE ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ SAÝLAP ALAN ÝOLY-BEÝIK GELEJEGIŇ KEPILI

    Türkmenistanyň...

  • ALABAÝ – TÜRKMENIŇ BUÝSANJY WE WEPALY DOSTY

       ...

  • Agzybirlik, parahatçylyk we ösüş –– Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik ýörelgesi

       ...

Türkmenistan– bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy

2022-nji ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň gurnamagynda Daşoguz Agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli “Türkmenistan– bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy”    atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. 

Çärede ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, jemgyýetimizde bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýandygy, saglyk diňe her bir adam üçin däl, eýsem, tutuş jemgyýet üçin uly gymmatlykdyr, çünki ol beden taýdan sagdynlygyň we güýç-kuwwatyň, zähmet hem-de döredijilik işjeňliginiň, abadan durmuşyň gözbaşydyr diýlip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ugur Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy, şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde eziz Watanymyzda giň gerime eýe bolan köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmäge aýratyn üns berilýändigi dogrusynda wagyz edildi.

Çäräniň dowamynda täze taryhy döwürde Türkmenistanyň sagdynlygyň, ruhubelentligiň we sportuň ýurdy hökmündäki abraýyny hasda artdyrmagy ösüşiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlän döwlet Baştutanymyzyň beýik maksatlarynyň myrat tapmagy tüýs ýürekden arzuw etdiler.

TSTP