Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASY BILEN STRATEGIK HYZMATDAŞLYK ÖSDÜRILÝÄR

    Ýakynda...

  • DUŞUŞYK GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • PARAHATÇYLYK WE DURNUKLYLYK — BITARAPLYGYŇ BAŞ ÝÖRELGESI

    Şu gün...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – PARAHATLYK WE DOST-DOGANLYK ÝÖRELGESI

    Şu gün...

  • ARKADAG ŞÄHERI MILLI LIDERIMIZIŇ KÄMIL BINAGÄRLIK ESERI

    Şu gün...

Telekeçilik Halkara bazarynda

2022-nji ýylyň 19-njy martynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň guramagynda Türkmenistanyň Döwlet Gümrük gullugynyň Daşoguz welaýat gümrükhanasynda ýurdumyzda telekeçiligi goldamak, ösdürmek we eksportyň möçberini artdyrmak bilen bagly ýerine ýetirilýän işleri has-da işjeňleşdirmek bilen bagly “Telekeçilik Halkara bazarynda” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Ol ýerde esasan ýurdumyzda telekeçilikde döredilýän mümkinçilikler, eksport babatda alynyp barylýan işler dogrusynda çykyşlar ýerine ýetirildi. Gümrükhananyň serhet ýaka nokatlarynda telekeçileriň öndüren önümlerini bökdençsiz eksport etmegi üçin döredilen şertler barada maglumatlar telekeçileriň dykgatyna ýetirildi. Duşuşygyň ahyrynda ýurdumyzda telekeçiligi ähli taraplaýyn ösdürmekde döredilýän mümkinçilikler üçin alkyş sözleri aýdyldy.

TSTP