Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BITARAPLYK DIPLOMATIÝASY: HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ SAÝASYNDA ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝYNYŇ ARTMAGY

    Ýakynda...

  • PARAHATÇYLYK WE BITARAPLYK: GARAŞSYZ TÜRKMENISTANYŇ HALKARA ABRAÝY

    Ýakynda...

  • GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ WE ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ SAÝLAP ALAN ÝOLY-BEÝIK GELEJEGIŇ KEPILI

    Türkmenistanyň...

  • ALABAÝ – TÜRKMENIŇ BUÝSANJY WE WEPALY DOSTY

       ...

  • Agzybirlik, parahatçylyk we ösüş –– Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik ýörelgesi

       ...

Ahlak we ruh arassalygy-bagtyýar geljegiň özeni

2022-nji ýylyň 15-nji martynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň gurnamagynda Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde “Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022-2025-ni ýyllar üçin Milli maksatnamasyny”  wagyz etmek maksady bilen “Ahlak we ruh arassalygy-bagtyýar geljegiň özeni” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda sagdyn durmuş ýörelgesiniň ähmiýeti, bu babatda ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işler dogrusynda giňişleýin çykyşlar ýerine ýetirildi. Bilişimiz ýaly Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýaşlaryň berk bedenli, sagdyn ruhly, zyýanly endiklerden daşda durýan, akylly-başly, ýurdumyza gerekli ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin ähli amatly şertleri mümkinçilikler döredildi. Çykyş edenler ýaşlary sporta çagyrmak bilen ýaşlykdan sport bilen meşgullanmagyň adam bedeniniň kadaly ösmegine ýetirýän oňyn täsiri we olaryň geljekde ussat türgen bolup ýetişmekligine hem-de sport äleminde uly üstünliklere ýetmegine döredýän mümkinçiligi dogrysynda gyzykly gürrüňleri berdiler. Mundan başga-da zyýanly endikleriň adam saglygyna ýetirýän oňaýsyz täsirleri, hem-de ýetirýän zyýanlary dogrusynda aýdylyp, ýaşlaryň ählisini sagdyn durmuş ýörelgesine çagyrdylar.

      Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar  Hormatly Prezidentimize adam hakyndaky aladany ähli işlerden ileri tutýandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

TSTP