Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • AGZYBIRLIGIŇ WE DÖWLETLILIGIŇ AÝDYŇ BEÝANY

    Şu gün...

  • AGZYBIRLIGIŇ –– DÖWLETLILIGIŇ WE ROWAÇLYGYŇ GÖZBAŞY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY: ÝURDUMYZYŇ ÖSÜŞINE GÖNÜKDIRILEN TARYHY WAKA
    Şu gün...
  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY- HALKYMYZY GALKYNDYRÝAR
    Golaýda...
  • GARAŞSYZLYK GÜNI MILLI BAÝRAMLARYMYZYŇ NAÝBAŞYSYDYR
    Şu gün...

Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny wagyz etmek

2022-nji ýylyň 4-nji martynda “Maksatly Türkmen” hojalyk jemgyýetinde  dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, “Çal dutarym sözleşeli” atly maslahat geçirildi. Bu maslahatda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ägirt uly işler üstünlikli durmuşa geçirilip, ylym-bilimiň, ösen medeniýetiň ojagy hasaplanýan mähriban Diýarymyz bu gün ösüşiň ýolundan batly depginler bilen öňe barýar.  Mähriban Arkadagymyzyň türkmen medeniýetini arşa galdyrmakda, bütindünýä ýaýmakda taýsyz tagallalaryny eýerip gelýär. Ýaňy ýakynda bolsa  Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Türkmen dutary ýagny “Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty” ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu bolsa bu günki günde Watanymyzyň medeni mirasyny gorap saklamaga uly itergi bererdi. Şeýle hem ýaşlarymyzy geçmişimizi gaýdyp bermäge, açyp görkezmäge giň ýol açardy diýip belläp geçdiler. Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, belent tutumly işlerinde egsilmez rowaçlyklary arzuw etdiler

TSTP