Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Dutaryň sazy halkyň ýüreginiň owazy

2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komiteti Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde “Dutaryň sazy halkyň ýüreginiň owazy” atly duşuşygyny geçirdi. 

Duşuşykda Türkmeniň ýetmiş iki saz guralynyň naýbaşysy, aýdym-mukamyň gözbaşy, bu gün eserleriň sözbaşysy bolan dutaryň, has anygy, dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bilen türkmen halkynyň dünýä gymmatlyklaryna uly goşant goşanlygy dogrusynda aýdyldy. Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak, bagşyçylyk sungatymyzyň her biri giden älem, ajaýyp dünýä bolup göz öňüňe gelýär. Milli Liderimiz “Ile döwlet geler bolsa...” atly kitabynda: “Asyrlaryň dowamynda saz gurallaryny ýasamagyň sünnälenip gelinmegi netijesinde, türkmen dutarynyň kämilligiň örän uzak ýoluny geçendigi barada aýdylyp, onuň halkyň buýsanjyna öwrülen şirin owazy we owadan daş görnüşi bar” diýip belleýär. Dutar ýasamak senetçiligi hakda gürrüň edilende, meşhur dutar ussalary göz öňüňe gelýär. Hut şol ussalaryň ellerinden çykan gara gazmadan ussat sazandalar ajaýyp sazlary, şirin mukamlary döredipdirler diýlip uly buýsanç bilen bellenildi. Türkmeniň gadymy döwürlerden bäri duly dutarlydyr — tamdyralydyr. Oňa Gahryman Arkadagymyzyň dürdäne eserlerini okanyňda, anyk göz ýetirýäň. “Ile döwlet geler bolsa...”, “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy”, “Türkmen medeniýeti” kitaplarynda söz bilen, söhbet bilen, şygyr bilen bu inçe sungatyň waspyny ýetirýär diýip giňişleýin aýdylyp geçildiler.

Duşuşygyň dowamynda ähli ýetilen sepgitleriň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.

TSTP