2022-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda “Täç hil” hususy kärhanasynda “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýyly mynasybetli “Arkadagly Jan Watanym Berkarar!” atly maslahat geçirildi.
Maslahatda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň hususy pudagy ösdürmek babatda alyp barýan syýasatynyň durmuşa geçirilmegine, telekeçiligi goldamak boýunça döwlet maksatnamalarynyň işlenip taýýarlanmagyna we ony iş ýüzünde durmuşa ornaşdyrylmagyna giňden ýardam berilmegine, esasanam Mähriban Arkadagymyzyň alyp barýan syýasatlary dogrysynda hem-de dost-doganlygy berkitmekde, syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde ajaýyp üstünliklere eýe bolup, öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Munuň özi, jemgyýetimizde jebis sazlaşygyň emele gelmegine, raýatlarymyzyň aňýetinde çuň özgerişleriň bolup geçmegine, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň hil taýdan täze derejelere göterilmegine getirdi. Milli däp-dessurlarymyzyň, medeni gymmatlyklarymyzyň dikeldilmegine we mundan beýläk hem pajarlap ösmegine giň ýol açylýar. Ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraýy has-da artyp, onuň sebitde we dünýäniň dürli yklymlarynyň döwletleri bilen hoşmeýilli gatnaşyklary özboluşly sazlaşyga eýe bolýandygyny belläp geçdiler.
Maslahata gatnaşanlar Mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda hususyýetçiligiň ösdürilmegi ugrunda edýän uly tagallalary üçin ähli telekeçileriň adyndan köp sag bolsun aýtdylar we Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, arzuw etdiler.
TSTP