Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Maslahat geçirildi

      2021-nji ýylyň 17-nji dekabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň guramagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda, Hormatly Prezidentimiziň Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 26 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygynyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara  maslahatynda hem-de kabul ediş dabarasynda eden çuňňur many-mazmunly çykyşyny halk köpçüligine düşündirmek boýunça wagyz-nesihat ähmiýetli maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň döwletimizi ösdürmek babatynda alyp barýan işlerinde ata-babalarymyzdan gelýän parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik, halallyk, päk ahlaklylyk ýol ýörelgelerine aýratyn ähmiýet berýänligi dogrusynda giňişleýin belläp geçdiler. Mälim bolşy ýaly Türkmenistan döwletimiz dünýäniň ýüzlerçe döwletleri bilen dost-doganlyk, ynsanperwerlik, medeni-ykdysady gatnaşygy alyp barýar. Biziň Bitaraplyk derejämiz şol gatnaşyklary ýola goýmakda Türkmenistanyň alyp barýan syýasatynyň durnuklydygyna resmi şaýatlyk edýär. Şonuň üçin hem Garaşsyzlygymyzyň, Bitaraplygymyzyň türkmen halkyna eçilen eşretli durmuşynyň gadyryny bilmek we ol syýasaty mundan beýläk hem dowam etdirmek biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr diýip dabarada çykyş edenler aýratyn belläp geçdiler. Hormatly Prezidentimiziň çuň many-mazmuny özünde jemleýän çykyşynda bitaraplygyň gymmaty barada aýdan sözleri dogrusunda çykyş edilende dabara gatnaşyjylar ör turup Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar. Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömriniň uzak, alyp barýan işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

TSTP