2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda “Türkmen senet” hojalyk jemgyýetinde häzirki döwürde innowasion tehnologiýalaryň, ylmyň gazananlarynyň, sanly maglumatlaryň gündelik durmuşymyza giňden ornaşýandygy we jemgyýetçilik gatnaşyklaryň hem düýpli özgerýändigi sebäpli, sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmak maksady bilen, “Sanly ulgam-milli ykdysadyýetimiziň özenidir” atly çäre geçirildi.
Bu çärede çykyş edenler Mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda hususy ulgamyň kuwwatyndan giňden peýdalanmak bilen birlikde dünýäniň tehniki ösüşi diňe öňe barýar. Ol durmuşyň ähli ugurlaryna aralaşýar. Aragatnaşygyň usullary we zähmetiň guralyşy, okatmagyň we boş wagty peýdalanmagyň görnüşlerini üýtgetýär. Döwür bilen aýakdaş gitmek üçin türkmen hünärmenleri milli Liderimiziň tabşyrygyny ýerine ýetirmek bilen, öz hususy sanly nusgasyny döretmäge ugur alyp, öňdebaryjy tejribeleri, oňyn amalyýetleri öwrenýärler we özleşdirýärler. Häzirki wagtda “san” bilen baglanyşykly iň bir çalt we düýpli özgertmeler söwdada, habar beriş serişdelerinde, senagatda bolup geçýär. Diýarymyzda sanlylaşdyrmagy ilerletmek we intellektual ulgamlaryň mundan beýläk işlemegini, olaryň özara we dünýä bilen aragatnaşyk saklamagyny üpjün etmek boýunça giň mümkinçilikler döredilýär. Mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda hususyýetçiligiň ösdürilmegi ugrunda edýän uly tagallalary üçin ähli telekeçileriň adyndan köp sag bolsun aýtdy we Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
TSTP