Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BERKARAR DÖWLETIM, BUÝSANÇLY PARLAÝAR, ÝAŞYL BAÝDAGYM

    Şu gün...

  • HÜNÄRIM BAR-HORMATYM BAR

    Türkmenistanyň...

  • BEÝIK ÝEŇIŞ MIZEMEZ – GAHRYMANLAR BAKYDYR.

    Şu gün...

  • TÜRKMEN ZENANYNYŇ KEŞBI BELENT AHLAKLYLYGYŇ NUSGASY

    Ýakynda...

  • TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSIÝASYNYŇ WE DÖWLET BAÝDAGY – ÝURT GARAŞSYZLYGYNYŇ MUKADDES NYŞANLARY

    Golaýda...

Ýaşlar Watanymyzyň şu güni  we beýik geljegidir

2021-nji ýylyň 19-njy awgustynda Telekeçi O.Aşyralyýewiň mebel kärhanasynda ýaşlary watançylyk, zähmetsöýerlik, belent ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek boýunça “Ýaşlar Watanymyzyň şu güni  we beýik geljegidir” atly maslahaty geçirildi. 

Bu maslahatda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesilleri beýik ösüşlere ruhlandyrýan taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaşlar syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilip, ýaşlaryň döwrebap ylym-bilim almagyna, hünär eýesi bolmagyna, işlemegine ähli mümkinçilikler döredilýär. Çünki, ylym-bilimiň, ösen medeniýetiň ojagy hasaplanýan mähriban Diýarymyz bu gün ösüşiň ýolundan batly depginler bilen öňe barýar.  Mähriban Arkadagymyzyň berýän tabşyryklaryna laýyklykda, tehnologik ösüş we bazar gatnaşyklaryna geçilýän häzirki döwürde ýaşlaryň giň toparyny telekeçilik işine çekmekde degişli işleriň alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň “Biz ýaşlarymyzyň ykdysadyýetimizi ösdürmäge, döwrebap ýagdaýa getirmäge işjeň gatnaşýandyklaryna ýokary baha berýäris” diýen sözleri, ýaşlary täze üstünliklere ruhlandyrýar. Ýaş telekeçileri höweslendirmek hem-de goldamak ýaşlar baradaky syýasatymyzyň esasy maksatlarydyr. “Döwlet ýaşlar syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda bellenilişi ýaly, ýaşlary telekeçilik işiniň çygryna çekmek üçin höweslendirmeler ulgamyny ösdürmek, ýaşlar kärhanalarynyň döredilmeginde okuwçylara, talyplara we ýaş alymlara ýardam etmek, telekeçilik işiniň esaslaryny öwretmekde, esaslandyryjy resminamalary we täjirçilik maksatnamalaryny işläp taýýarlamakda ýaş telekeçilere ýardam etmek barada aýdylýar. 

      Soňra telekeçilere döwlet tarapyndan goldaw berýänligi, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda hususy ulgamyň kuwwatyndan giňden peýdalanýanlygy, kiçi we orta işewürligi ösdürmäge ýardam berýänligi üçin ähli telekeçileriň adyndan köp sag bolsun aýtdy we Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, “Türkmenistan — Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda hem belent tutumly işlerinde egsilmez rowaçlyklary arzuw etdiler.

TSTP