2026-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Senagatçytlar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň guramagynda Daşoguz welaýat kitaphanasynyň mejlisler jaýynda «Parahatçylyk söýüjilik syýasaty: Garaşsyz Watanyň durnukly ösüş ýoly» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Garaşsyzlyk türkmen halkynyň asyrlarboýy arzuw eden erkinliginiň, özygtyýarlylygynyň we bagtyýar durmuşynyň mizemez binýadydyr. Garaşsyzlyk mizemez gymmatlykdyr. Ondan egsilmez güýç alyp, türkmen halky täze taryhy döwri, beýik geljegi gurýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary we hormatly Prezidentimiziň tutanýerli tagallalary bilen Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny has-da pugtalanýar, ýurdumyz täze ösüşlere tarap ynamly öňe barýar.
Çäraniň dowamynda ýurdumyzda okamaga, işlemäge, döredijilikli zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.
TSTP