Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň edara binasynyň mejlisler mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň gurnamagynda «Türkmenistanyň Parahatsöýüjilik syýasaty: Milli Liderimiziň we Hormatly Prezidentimiziň durnukly ösüş ugrundaky beýik goşandy» atly maslahat duşuşygy geçirildi.
Maslahatyň dowamynda onda çykyş edenler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bütin dünýäde parahatçylygy rowaçlandyrýan halkara sammitleriň we maslahatlaryň geçirilýän mekanyna öwrülendigi, ýurdumyzda ýokary guramaçylykly dowamly geçirilýän doganlyk döwletleriň Baştutanlarynyň arasyndaky duşuşyklaryň özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň ýokary derejesini gazanmaga mümkinçilikleriň döretjekdigi, olaryň halklarymyzyň ösüşiniň hem-de abadançylygynyň bähbidine bilelikde işlemäge, sebitde, şeýle hem ählumumy derejede parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga ýol açjakdygy barada gürrüň etdiler.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Türkmenistany sebitiň we dünýä döwletleriniň arasynda parahatçylygyň we ynanyşmagyň merkezine öwüren Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.
TSTP