Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASY BILEN STRATEGIK HYZMATDAŞLYK ÖSDÜRILÝÄR

    Ýakynda...

  • DUŞUŞYK GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • PARAHATÇYLYK WE DURNUKLYLYK — BITARAPLYGYŇ BAŞ ÝÖRELGESI

    Şu gün...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – PARAHATLYK WE DOST-DOGANLYK ÝÖRELGESI

    Şu gün...

  • ARKADAG ŞÄHERI MILLI LIDERIMIZIŇ KÄMIL BINAGÄRLIK ESERI

    Şu gün...

Hormatly Prezidentimiziň şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli türkmen halkyna sowgat eden “GARAŞSYZLYK-BAGTYMYZ” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy

             2021-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda Daşoguz Agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň gurnamagynda, Daşoguz Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarynyň, talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda Hormatly Prezidentimiziň şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli türkmen halkyna sowgat eden “GARAŞSYZLYK-BAGTYMYZ” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabarada Türkmenistan Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap, ösüşiň özboluşly milli ýoluny saýlap alandygy, we ony tapgyr-tapgyr ösdürip, kämilleşdirip gelendigi barada giňişleýin we buýsançly aýdyldy. Garaşsyzlygymyzyň netijesinde milli aýratynlyklarymyza, taryhymyza, milli ruhy gymmatlyklarymyza dolanylany barada hem bellenildi. Dabara gatnaşyjylar şeýle ajaýyp kitaby türkmen halkyna peşgeş eden Arkadag Prezidentimize uly sag bolsunlaryny tüýs ýürekden beýan etdiler.

TSTP