Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • GARAŞSYZLYK DÖWLETIŇ WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BERK BINÝADY

    Türkmenistanyň...

  • HALK MASLAHATYNDA BELLENILEN BELENT SEPGITLER

    Golaýda...

  • TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 35 ÝYLLYGY: BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ WE DABARALANMALARYŇ ÝOLY

    Daşoguz...

  • GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ UMUMY OKUW SAPAGY — ÝAŞ NESLIŇ WATANÇYLYK WE AHLAK MEKDEBI

    Türkmenistanyň...

  • YLYM – BILIM BAGTYÝARLYGYŇ HEM-DE ROWAÇLYGYŇ GÖZBAŞYDYR

    Golaýda...

GARAŞSYZLYK DÖWLETIŇ WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BERK BINÝADY

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda, «Şanly bedew» hojalyk jemgyýetinde ilkinji partiýa guramasynyň agzalarynyň arasynda Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.   

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýyly uly üstünliklere beslenýär. Ýurt Garaşsyzlygy ýyllarynda ata Watanymyzda asyrlara barabar işler durmuşa geçirildi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokarlandy. Garaşsyzlygyň mizemez sütünleri bolan jebislik, agzybirlik ýörelgeleri bu gün has-da pugtalanyp, hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän il-ýurt bähbitli işler halkymyzyň göwünlerini galkyndyryp, bagtyýar raýatlarymyzyň şatlygyna şatlyk goşýar. Garaşsyzlyk ýurdumyzyň dünýä bileleşigine ynamly goşulmagyna mümkinçilik berdi, halkymyzyň dostluk, ynsanperwerlik, parahatçylyk ýörelgeleri rowaçlandy. Häzirki wagtda dünýä döwletleri bilen işjeň halkara gatnaşyklary alyp barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz dost-doganlygyň mekanyna öwrüldi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Halkymyza şeýle eşretli döwri beren hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli alyp barýan işlerinde hemişe rowaçlyklaryň ýaran bolmagyny arzuw edýäris.

TSTP