Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

HALK MASLAHATYNDA BELLENILEN BELENT SEPGITLER

Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň guramagynda telekeçi T.Baýramdurdyýewiň önümçilik kärhanasynda geçirilen «Halk Maslahatynda bellenilen belent sepgitler» atly wagyz-nesihat duşuşygy uly ähmiýete eýe boldy.

Çärede Halk Maslahatynyň taryhy kararlarynyň, çözgütleriniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde hususy pudagyň öňünde durýan ilkinji derejeli wezipeleriň manysy giňden düşündirildi. Kärhananyň hünärmenleri we zähmetkeşleri milli ykdysadyýetimizi berkitmekde, önümçiligiň göwrümini hem-de hilini ýokarlandyrmakda öz üstlerine düşýän borçlary uly höwes bilen berjaý etjekdiklerini bellenilip geçildi. Bu duşuşyk ilkinji partiýa guramasynyň agzalarynyň belent watançylyk duýgusyny, agzybirlik hem-de geljege bolan uly ynamy has-da artdyrdy.

Duşuşygyň soňunda oňa gatnaşyjylar halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, hususy pudagyň ösmegi we önümçilik kärhanalarynyň kämilleşmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän, Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimize çäksiz hoşallyk bildirip, olaryň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

TSTP