Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Daşoguz welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda «Garaşsyzlyk-halkymyzyň mukaddes gymmatlygy» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň ýokary ruhubelentlikde bellenilýän ýyly aýratyn many-mazmuna eýedir. Munuň özi taryhy-medeni, syýasy, ruhy –aňyýet nukdaýnazaryndan gaýtalanmajak bitewüligi emele getirýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň her bir güni üstünliklere beslenýär. Döwletliligiň, bagtly durmuşyň sakasynda Garaşsyzlygyň beren miwesi bar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan taryhy özgertmeler halkymyzyň ýagty geljegine gönükdirilýär. Şanly Garaşsyzlygymyz biziň milli buýsanjymyzdyr, berkarar döwletimiziň mizemezliginiň, il-günümiziň agzybirliginiň we abadançylygynyň binýadydyr diýip giňişleýin belläp geçdiler.
Duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň abadan, bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
TSTP