Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BITARAPLYK DIPLOMATIÝASY: HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ SAÝASYNDA ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝYNYŇ ARTMAGY

    Ýakynda...

  • PARAHATÇYLYK WE BITARAPLYK: GARAŞSYZ TÜRKMENISTANYŇ HALKARA ABRAÝY

    Ýakynda...

  • GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ WE ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ SAÝLAP ALAN ÝOLY-BEÝIK GELEJEGIŇ KEPILI

    Türkmenistanyň...

  • ALABAÝ – TÜRKMENIŇ BUÝSANJY WE WEPALY DOSTY

       ...

  • Agzybirlik, parahatçylyk we ösüş –– Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik ýörelgesi

       ...

WATAN ÖSÜŞINDE HUSUSY PUDAGYŇ PAÝY

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat hem-de Aşgabat şäher komitetleriniň guramagynda «Garaşsyzlyk ýyllarynda hususy ulgam döwlet tarapyndan giňden goldanylyp, ýurduň ykdysadyýetiniň esasy hereketlendiriji güýjüne öwrüldi» diýen şygar boýunça bilelikdäki maslahat geçirildi.

Maslahatda milli ykdysadyýetimizi çalt depginler bilen ösdürmekde, içerki bazarlary ýerli hem-de bäsleşige ukyply harytlar bilen bol üpjün etmekde we önümçilik göwrümini artdyrmakda hususy pudagyň eýeleýän möhüm orny barada aýdyň çykyşlar edildi. Gatnaşyjylar döwletimiz tarapyndan telekeçiligi ösdürmek, hususy başlangyçlary goldamak ugrunda amala aşyrylýan özgertmeleriň ýokary netijelerini uly buýsanç bilen nygtadylar.

Çärede ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge saldamly goşant goşup, partiýanyň jemgyýetçilik işlerinde hem-de önümçilikde tapawutlanan telekeçilere TSTP-niň Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Duşuşygyň soňunda hususyýetçiler ýurtda telekeçiligiň giňden ösmegine döredilýän giň mümkinçilikler we yzygiderli goldawlar üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler. 

TSTP