Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

Daşoguz welaýat kitaphanasynyň mejlisler jaýynda «Garaşsyzlyk Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň binýatlaýyn esasydyr» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Garaşsyzlyk ýoluna ynamly hem-de batly gadam basan ýurdumyz döwletli döwrana, eşretli eýýama rowana boldy. Gysga döwrüň içinde ýurdumyzyň howpsuzlygyny berkitmekde, ykdysadyýetimizi kuwwatlandyrmakda, milli medeniýetimizi dünýä ýaýmakda we halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmakda asyrlara barabar işler amala aşyryldy.Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna berk jebisleşip, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygyny we onuň gazananlaryny goramak, jemgyýetimiziň asudalygyny we halkymyzyň agzybirligini mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin asylly maksatlary durmuşa geçirmek, halklaryň dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge mynasyp goşant goşmak her birimiz üçin borçdur diýip çykyş edenler giňişleýin belläp geçdiler.

Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşanlar şu ajaýyp zamanada okamaga,işlemäge, döredijilikli zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar.

TSTP