Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görmek taýýarlyk we taryhy syýasy ähmiýeti, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda we medeni-ruhy ösüşi üpjün etmekde eýeleýän orny barada giňişleýin durlup geçildi. Milli demokratik ýörelgelerimiziň dabaralanmagy, jemgyýetde agzybirligiň we jebisligiň berkitmegi taryhy wakalaryň esasy mazmuny hökmünde bellenildi. Mukaddes Garaşsyzlygyň şanly 35 ýyllygyny öňüsyrasynda geçiriljek bu taryhy wakanyň wajyplygy bellenildi. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar halkymyzyň parahat, durnukly we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin belent şertleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza çäksiz sagbolsun beýan etdiler. Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür we il-ýurt bähbitli beýik işlerinde hemişe üstünlikler arzuw etdiler.
TSTP