Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komiteti hem-de Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 43-nji orta mekdebinde Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli «Mirasdan dowamata-altyn çitimler» atly bäsleşik geçirildi.
Türkmen halysy öz gölleri bilen halkymyzyň taryhyny we ruhy hem ahlak gymmatlyklaryny beýan edip, asyrlaryň jümmüşinden geçip geldi. Bu senetçiligiň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyna girizilendigi örän guwandyryjydyr.
Bäsleşik esasan: Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda milli medeniýetimizi, sungatymyzy we gadymy gymmatlyklarymyzy ösdürmek barada hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesli watançylyk, zähmetsöýerlik we milli edep-terbiýe ruhunda kemala getirmek baradaky tabşyryklaryny durmuşa geçirmek maksady bilen geçirildi.
Bäsleşigiň dowamynda ýeňiji bolanlara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Bäsleşigiň ahyrynda türkmen haly sungatynyň dünýä meşhurlygyny gazanmakda hem-de milli mirasymyzy ýaş nesillerimize ýetirmekde döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini beýan etdiler.
TSTP