Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BITARAPLYK DIPLOMATIÝASY: HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ SAÝASYNDA ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝYNYŇ ARTMAGY

    Ýakynda...

  • PARAHATÇYLYK WE BITARAPLYK: GARAŞSYZ TÜRKMENISTANYŇ HALKARA ABRAÝY

    Ýakynda...

  • GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ WE ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ SAÝLAP ALAN ÝOLY-BEÝIK GELEJEGIŇ KEPILI

    Türkmenistanyň...

  • ALABAÝ – TÜRKMENIŇ BUÝSANJY WE WEPALY DOSTY

       ...

  • Agzybirlik, parahatçylyk we ösüş –– Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik ýörelgesi

       ...

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň gurnamagynda welaýat Saglygy dikeldiş okuw terbiýeçilik toplumynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli «Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça döredilen haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan giň gerimli işleri Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda uly ösüşlere beslenýär» atly maslahat duşuşygy geçirildi. 

Halkymyzda birek-biregi goldamak, hemaýat etmek ýaly sahawatly işler häzirki wagtda üstünlikli dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň saglygy, olaryň geljegi hakynda edilýän aladalar döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi.

Nesil saglygy hakynda alada her bir ata-enäniň bolşy ýaly, döwletimiziň hem baş aladasyna öwrüldi. Halkymyzyň bagtyýarlygy, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, ýaş nesilleriň röwşen geljegi ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar!

TSTP