Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BERKARAR DÖWLETIM, BUÝSANÇLY PARLAÝAR, ÝAŞYL BAÝDAGYM

    Şu gün...

  • HÜNÄRIM BAR-HORMATYM BAR

    Türkmenistanyň...

  • BEÝIK ÝEŇIŞ MIZEMEZ – GAHRYMANLAR BAKYDYR.

    Şu gün...

  • TÜRKMEN ZENANYNYŇ KEŞBI BELENT AHLAKLYLYGYŇ NUSGASY

    Ýakynda...

  • TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSIÝASYNYŇ WE DÖWLET BAÝDAGY – ÝURT GARAŞSYZLYGYNYŇ MUKADDES NYŞANLARY

    Golaýda...

Watanymyz ösüş ýolunda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistan Watanymyzda uly ösüşler-özgertmeler gazanylýar. Esasanam bu günki günde telekeçilere, hususyýetçilere döredilýän mümkinçilikler esasynda ýurdumyzda işler barha ilerleýär, şeýle hem ýeňillikli berilýän karzlaryň, uzak möhletleýin berilýän ýer bölekleriň netijesinde uly işler alnyp barylýar,  ine şol döredilýän mümkinçilikler, goldawlar dogrusynda  2021-nji ýylyň 9-njy iýulynda “Ak ýaprak” hojalyk jemgyýetinde ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň esasy wezipesi durmuşa geçirilýän il-ýurt bähbitli maksatnamalary, amala aşyrylýan özgertmeleri syýasy taýdan goldamak, mähriban halkymyzy döredijilikli işlere ruhlandyrmak, jemgyýetimizde agzybirligi we jebisligi berkitmek babatynda “Watanymyz ösüş ýolunda” atly  maslahaty geçirildi. Bu maslahatda Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler we ýetilen sepgitler dogrusynda Türkmenistan Watanymyzyň ösüşleri hem-de dünýä ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň hasda berkeýänligi şeýle hem hususyýetçilerimize döredilýän mümkinçilikler dogrusynda aýdylyp geçildi.

Soňra A.Abaýew öz çykyşynda Mähriban Arkadagymyzyň Telekeçilere döwlet tarapyndan goldaw bermek, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda hususy ulgamyň kuwwatyndan giňden peýdalanmak, kiçi we orta işewürligi ösdürmäge ýardam etmek maksatnamasy boýunça ýurdumyzda daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri döretmegiň, daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň tapgyrlaýyn esasynda azaltmak hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan öndürilýän önümleriň mukdaryny artdyrmak, ýurdumyzyň eksport kuwwadyny artdyrmaga we önümçiligiň bäsleşikde ukyplylygyny ýokarlandyrmagy dogrysynda aýdylyp geçdi, şeýle hem Mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda hususyýetçiligiň ösdürilmegi ugrunda edýän uly tagallalary üçin ähli telekeçileriň adyndan köp sag bolsun aýtdy we Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdi.

TSTP