Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BITARAPLYK DIPLOMATIÝASY: HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ SAÝASYNDA ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝYNYŇ ARTMAGY

    Ýakynda...

  • PARAHATÇYLYK WE BITARAPLYK: GARAŞSYZ TÜRKMENISTANYŇ HALKARA ABRAÝY

    Ýakynda...

  • GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ WE ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ SAÝLAP ALAN ÝOLY-BEÝIK GELEJEGIŇ KEPILI

    Türkmenistanyň...

  • ALABAÝ – TÜRKMENIŇ BUÝSANJY WE WEPALY DOSTY

       ...

  • Agzybirlik, parahatçylyk we ösüş –– Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik ýörelgesi

       ...

ÝURDUMYZDA ADAM HAKYNDAKY ALADA DÖWLET SYÝASATYNYŇ BAŞ MAKSADY

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň guramagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!», «Döwlet adam üçindir!» diýen belent ýörelgeleri ýurdumyzyň her bir künjeginde gazanylýan ösüşlerde aýdyň beýanyny tapýar. Bu günki gün ýurdumyzyň çar künjeginde gurlup ulanmaga berilýän täze, döwrebap şäherçeler we obalar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň barha ýokarlanýandygynyň güwäsidir. Ýagny täze gurulýan her bir şäherçede giň hem ýagty otagly, amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan mekdepler, çagalar baglary, saglyk öýleri, medeni-durmuş maksatly desgalar, sport toplumlary, söwda merkezleri ilatyň hyzmatyna berilýär diýip giňişleýin belläp geçdiler.

Wagyz-nesihat çäräniň ahyrynda ýurdumyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň bolelin ýaşamagy ugrunda yzygiderli aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar.

TSTP