Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

SAGLYK - YNSANYŇ GANATY

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň guramagynda Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Sport mekdebinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwrülýär. Ata Watanymyzda ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek bilen bagly maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. 

Dabaranyň dowamynda baýramçylyk mynasybetli ýaýbaňlandyrylan köpçülikleýin sport çäresi ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň giňden  dabaralanýandygyny alamatlandyrdy. Ýurdumyzda ýetilen belent sepgitleri wasp edýän, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz edýän çykyşlar, şeýle hem sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikler geçirildi.

Dabaranyň ahyrynda ynsan saglygy ugrunda bimöçber aladalary durmuşa geçirýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar. 

TSTP