Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • AGZYBIRLIGIŇ WE DÖWLETLILIGIŇ AÝDYŇ BEÝANY

    Şu gün...

  • AGZYBIRLIGIŇ –– DÖWLETLILIGIŇ WE ROWAÇLYGYŇ GÖZBAŞY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY: ÝURDUMYZYŇ ÖSÜŞINE GÖNÜKDIRILEN TARYHY WAKA
    Şu gün...
  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY- HALKYMYZY GALKYNDYRÝAR
    Golaýda...
  • GARAŞSYZLYK GÜNI MILLI BAÝRAMLARYMYZYŇ NAÝBAŞYSYDYR
    Şu gün...

SAGDYN ÝAŞLAR GELJEGIŇ BERK BINÝADY

Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 46-njy orta mekdepde «Sagdyn ýaşlar geljegiň berk binýady» ady bilen sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşik geçirildi. 

Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan bu çäre eziz Diýarymyzda ýaşlaryň sport bilen meşgullanyp, berk bedenli, sagdyn ruhly kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda döredilýän şertlerdir mümkinçiliklerden peýdalanyp, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegiň, sport bilen meşgullanmagyň, ýaramaz endiklerden daşda durmagyň ähmiýetini bellenildi. Sportuň dürli görnüşleri bilen bäsleşikler guraldy, bäsleşiklerde ýeňiji bolan toparlara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komiteti tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.

Ýaşlar baradaky aladany döwlet syýasatynda ileri derejede goýýan Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna sagbolsunlar aýdyldy.

TSTP