Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BITARAPLYK DIPLOMATIÝASY: HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ SAÝASYNDA ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝYNYŇ ARTMAGY

    Ýakynda...

  • PARAHATÇYLYK WE BITARAPLYK: GARAŞSYZ TÜRKMENISTANYŇ HALKARA ABRAÝY

    Ýakynda...

  • GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ WE ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ SAÝLAP ALAN ÝOLY-BEÝIK GELEJEGIŇ KEPILI

    Türkmenistanyň...

  • ALABAÝ – TÜRKMENIŇ BUÝSANJY WE WEPALY DOSTY

       ...

  • Agzybirlik, parahatçylyk we ösüş –– Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik ýörelgesi

       ...

YNSANPERWERLIGIŇ, AGZYBIRLIGIŇ WE DOST-DOGANLYGYŇ BAÝRAMY

Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda partiýanyň mejlisler jaýynda Milli bahar baýramy mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Diýarymyzda Milli Bahar Baýramy halkymyzyň ruhy-medeni durmuşynda aýratyn möhüm orun eýeleýär. Bu baýramçylyk diňe bir tebigatyň täzelenişini we baharyň gelşini alamatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem jemgyýetimizde ynsanperwerlik, agzybirlik hem-de dost-doganlyk ýaly ýokary ahlak gymmatlyklarynyň dabaralanmagyna giň ýol açýar. Baýramçylyk dabarasy dürli ýaşdaky adamlary bir ýere jemläp, olaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmäge, jemgyýetde jebisligi we agzybirligi has-da pugtalandyrmaga ýardam berýär. Şeýle çäreler arkaly halkymyzyň gadymdan gelýän asylly ýörelgeleri dowam etdirilip, häzirki zaman ösüşleri bilen sazlaşykly ösdürilýär. 

Aýdym-sazly baýramçylyk çäresi Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň mugallymlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşyp gitdi. 

Baýramçylyk çäresine gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak belent başlary aman bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP