Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • GARAŞSYZLYK DÖWLETIŇ WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BERK BINÝADY

    Türkmenistanyň...

  • HALK MASLAHATYNDA BELLENILEN BELENT SEPGITLER

    Golaýda...

  • TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 35 ÝYLLYGY: BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ WE DABARALANMALARYŇ ÝOLY

    Daşoguz...

  • GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ UMUMY OKUW SAPAGY — ÝAŞ NESLIŇ WATANÇYLYK WE AHLAK MEKDEBI

    Türkmenistanyň...

  • YLYM – BILIM BAGTYÝARLYGYŇ HEM-DE ROWAÇLYGYŇ GÖZBAŞYDYR

    Golaýda...

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY IŞJEŇ HÄSIÝETE GEÇDI

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda «Dost gurluşyk, söwda önümçilik» hojalyk jemgyýetinde «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda döwür beýik işler bilen beýgelýär» atly wagyz-nesihat duşuşygy işjeň häsiýetde geçdi. 

Watanymyzyň bedew batly ösüşleri, gündelik durmuşymyzda bolup geçýän şanly wakalar, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda gazanylýan üstünlikler, dürli ugurlarda ýetilýän sepgitler, hususyýetçiler üçin döredilýän ajaýyp şertlerdir mümkinçilikler baradaky gürrüňler hem duşuşyga gatnaşýan ildeşlerimizde buýsanç duýgusyny döredýär. Duşuşygyň barşynda halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden we şu güne gelip ýeten asylly ýol-ýörelgeleri, ýaşlary bezeýän häsiýetler, ahlak arassalygy, maşgala mukaddesligi dogrusynda durlup geçilýär.

Wagyz-nesihat duşuşygyna gatnaşyjylar halkymyzyň asuda hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda ähli tagallalary edýän hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza bolan hoşallyklaryny beýan edýärler.

TSTP