Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

TELEKEÇILIK: MILLI YKDYSADY ÖSÜŞLERINIŇ ÜSTÜNLIKLERI

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda «Serpaý ussat hyzmatdaş» hususy kärhanasynda  Hormatly Prezidentimiziň telekeçiligi we işewürligi ösdürmäge berilýän aýratyn ähmiýetini  wagyz etmek maksady bilen, wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. 

Döwletimiz ykdysady ulgamyň has-da kuwwatlanmagy üçin erkin bazar ykdysadyýetini ösdürmäge uly üns berýär. Erkin bazar ykdysadyýetinde bolsa telekeçileriň tutýan orny uludyr. Döwletimiz tarapyndan hemmetaraplaýyn goldanylýan telekeçiler hem özleriniň ukyp-başarnyklaryny, güýç-gaýratlaryny gaýgyrman zähmet çekýärler.

Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz oňyn Bitaraplyk syýasatyna esaslanyp, dünýäniň birnäçe döwletleri bilen syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklary alyp barýar. Garaşsyzlygymyzy gazanan ilkinji günlerimizden başlap, döwletimiz «Açyk gapylar» syýasatyny yglan etdi. Bu syýasat daşary ýurt maýadarlaryna ýol açmak, bilelikdäki kärhanalary gurmak işine çekmek arkaly milli ykdysadyýetimize häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyply önümleri öndürmekdir. Türkmenistanda işlemekleri üçin hukuk giňişligi döredildi. Döredilýän giň mümkinçilikleri esasynda hem milli ykdysadyýetimiz yzygiderli we durnukly ýagdaýda gülläp ösýär. Ýurdumyzyň hususyýetçileriniň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary çäksizdir.

Goý, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri  uzak, il-ýurt bähbitli, beýik işleri hemişe rowaç bolsun! 

TSTP