Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparyny hem-de şol saparyň çäklerinde «Al-Arabiýa» teleýaýlymynda beren interwýusyny giňden wagyz etmek boýunça wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen köpugurly hyzmatdaşlygy barha işjeňleşdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Nicklaus Companies» ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşygynda ýurdumyzda golf sportuny ösdürmegiň ugurlary barada pikir alşyldy. Bilşimiz ýaly kompaniýa häzirki wagtda dünýäniň birnäçe ýurdunda 450-den gowrak golf meýdançalarynyň gurluşygyny amala aşyrdy. Gepleşikleriň dowamynda Arkadag şäherinde we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda golf meýdançalaryny gurmagyň meýilleşdirilýändigi habar berildi.Golf sporty dünýäde ekologik taýdan arassa hem-de ýaşlaryň uly isleginden peýdalanýan sport görnüşleriniň biridir. Arkadag şäherinde iňlis diline ýöriteleşdirilen mekdebi gurmak meýilleşdirilýändigi hem-de bu ýerde okuw prosesi ABŞ-nyň abraýly ýokary okuw jaýlaryna, ýagny Garwardda Massaçusets tehnologiýa institutyna, Kolumbiýa uniwersitetine girip okuwuny dowam etdirmäge mümkinçilik dörediler diýip giňişleýin beýan edilendigi barada uly buýsanç bilen belläp geçdiler.
Bitarap Türkmenistanyň dünýädäki at-abraýynyň has-da ýokarlanmagy ugrunda bimöçber tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun bolsun!
TSTP