Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI.

2026-njy ýylyň 28-nji ýanwar  aýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda “Türkmen şöhle” hojalyk jemgyýetinde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli  wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň bellenilýän ýylyna gadam basylýandygyny alamatlandyrdy. Munuň özi ýurdumyzyň taryhynda täze sahypany açyp, milli gymmatlyklarymyza goýulýan hormaty, ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň strategik ugurlaryny özünde jemleýär.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça her ýyla at bermek ýaly ajaýyp däbe görä, onuň şygarynda ösüşiň täze tapgyrynyň esasy ugurlarynyň yglan edilmegi raýatlaryň watançylyk ruhuny belende götermäge, olaryň ýurdumyzda alnyp barylýan ägirt uly işlere şahsy goşant goşmaga höwesini artdyrmaga ýardam edýär. 2026-njy ýylyň şygarynda diňe bir halkymyzyň öz taryhy köklerine ygrarlylygy däl-de, eýsem, häzirki döwrüň obýektiw hakykaty hem öz beýanyny tapýar. Gündogar müçenamasynda ýylky ýylynyň güýç-kuwwaty, asyllylygy we öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin tutanýerli erki aňladýandygyny bellemek gerek. Gadymy döwürlerden bäri ajaýyp halylar, nepis şaý-sepler bilen bir hatarda, ahalteke bedewleri hem halkymyzyň baýlygy hasaplanýar. Bedewler türkmen halkynyň milli buýsanjydyr, maddy medeni mirasyň halkymyz tarapyndan köp asyrlaryň dowamynda ösdürilip ýetişdirilen we kämilleşdirilen ajaýyp nusgasydyr.

Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdaryma biz türkmen halkyna ähli mümkinçilikleri döredip berýänligi üçin köp sag bolsyn aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlary aman bolsun!

TSTP