Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • GARAŞSYZLYK DÖWLETIŇ WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BERK BINÝADY

    Türkmenistanyň...

  • HALK MASLAHATYNDA BELLENILEN BELENT SEPGITLER

    Golaýda...

  • TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 35 ÝYLLYGY: BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ WE DABARALANMALARYŇ ÝOLY

    Daşoguz...

  • GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ UMUMY OKUW SAPAGY — ÝAŞ NESLIŇ WATANÇYLYK WE AHLAK MEKDEBI

    Türkmenistanyň...

  • YLYM – BILIM BAGTYÝARLYGYŇ HEM-DE ROWAÇLYGYŇ GÖZBAŞYDYR

    Golaýda...

Biziň günlerimizde tehnologiýalara giň orun

2021-nji ýylyň 27-nji maýynda “Türkmen senet” hojalyk jemgyýetinde täze tehnologiýalary giňden peýdalanmak boýunça düşündiriş-wagyz işlerini güýçlendirmek maksady bilen, “Biziň günlerimizde tehnologiýalara giň orun” atly duşuşyk geçildi.

Duşuşykda çykyş edenler Berkarar döwletimizde Hormatly  Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ygtybarly hereketlendiriji güýji bolan sanly tehnologiýalary döwrebap ösdürmek üçin ylmy taýdan esaslandyrylan we toplumlaýyn mazmuna eýe çözgütleri öňe sürýär. Bu innowasion ugry ösdürmekde bilimiň, ylmyň, önümçiligiň arabaglanşygyny pugtalandyryp, täze maglumat tehnologiýalaryny döretmek üçin innowasion gurşawy emele getirmegi mydama üns merkeziňizde saklaýar. XXI asyr tehnologiýalar asyry. Bu asyr innowasiýalaryň çalt ösýänligi — täze kämil görnüşleriniň oýlanyp tapylýandygy bilen tapawutlanýar. Ylmy-tehniki progresiň şeýle çalt depginler bilen ösmegi netijesinde döredilýän innowasion tehnologiýalaryň mümkinçilikleriniň çäksizdigi bolsa, aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Şoňa görä-de, häzirki zaman innowasiýalar eýýamynda biziň durmuşymyzyň ähli ugurlary tehnologiýalaşdyrylýar. Indi olar adamzat durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülip, durmuş müşgilliklerini ýeňilleşdirmäge ýardam berýär, ählumumy durnukly ykdysady ösüşiň binýady hökmünde doly ykrar edilýär diýip belläp geçdiler, şeýle hem Mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda hususyýetçiligiň ösdürilmegi ugrunda edýän uly tagallalary üçin ähli telekeçileriň adyndan köp sag bolsun aýtdylar we Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP