Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BITARAPLYK DIPLOMATIÝASY: HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ SAÝASYNDA ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝYNYŇ ARTMAGY

    Ýakynda...

  • PARAHATÇYLYK WE BITARAPLYK: GARAŞSYZ TÜRKMENISTANYŇ HALKARA ABRAÝY

    Ýakynda...

  • GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ WE ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ SAÝLAP ALAN ÝOLY-BEÝIK GELEJEGIŇ KEPILI

    Türkmenistanyň...

  • ALABAÝ – TÜRKMENIŇ BUÝSANJY WE WEPALY DOSTY

       ...

  • Agzybirlik, parahatçylyk we ösüş –– Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik ýörelgesi

       ...

GARAŞSYZLYK BILEN GALKYNAN DIÝARYM

2026-njy ýylyň 28-nji  ýanwarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň  Daşoguz welaýat komitetiniň guramagynda Daşoguz welaýatynyň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 43-nji orta mekdebinde «Garaşsyzlyk bilen galkynan Diýarym» atly maslahat duşuşygy geçirildi.

            Maslahatda çykyş edenler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň uludan tutuljak ýylyna şeýle adyň berilmeginiň çuň many-mazmuna eýedigi, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Diýarymyzda bedew batly ösüş-özgerişleriň gazanylýandygy, halkymyzyň bagtyýar, bolelin durmuşda ýaşamagy üçin beýik işleriň amala aşyrylýandygy barada uly buýsanç bilen belläp geçdiler.

             Maslahatyň  dowamynda halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmekde beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP