2026-njy ýylyň 08-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň guramagynda Daşoguz welaýat kitaphanasynyň mejlisler jaýynda «Türkmenistan- döwrebaplygyň we ösüşiň diýary » atly maslahat geçirildi.
Biri-birinden zyýada gelýän ýyllarymyz, ajaýyp zamanamyz jemgyýetde her bir adamyň öz mynasyp ornuny tapmagy, ygtybarly geljegimizi üpjün etmek babatda giň mümkinçilikleri açýar. Mähriban halkymyzyň erk-isleginden badalga alan ýylymyzyň şygary hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan beýik işleriniň, taýsyz tagallalarynyň bedew bady bilen barha rowaç aljakdygyny şertlendirýär.
Maslahatda çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda giň gerim alýan beýik özgertmeleriň üstünlikli dowam edýändigini, şanly ýylymyzyň şygarynyň bolsa gazanyljak üstünlikleriň dowamat dowam bolup, ýurdumyzyň ösüşleriniň, halkara abraýynyň bedew bady bilen barha belende göteriljekdigine bolan ynamy berkidýändigi barada giňişleýin belläp geçdiler.
Maslahatyň ahyrynda halkymyzyň bagtyýarlygy, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, tutýan il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.
TSTP