Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • «GAHRYMAN ARKADAGLY, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARLY ÝURTDA - HALK BÄHBITLI BEÝIK IŞLER ROWAÇLANÝAR» atly maslahaty geçirildi.

    Maslahatda...

  • WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

    Şu gün...

  • “TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY ― PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ AÝDYŇ ÝOLY” atly kitabynyň tanyşdyrylyş, wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

     ...

  • “TÜRKMENISTAN-TARYHY ÖSÜŞLERIŇ BEÝIK BINÝADY” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

    Berkarar...

  • «KÖŇÜLLERDE TÄZE ÝYLYŇ JOŞGUNY»

    Ösüşiň täze...

“TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY ― PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ AÝDYŇ ÝOLY” atly kitabynyň tanyşdyrylyş, wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

  2025-nji ýylyň  dekabr aýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda  “Bakjaly” hususy kärhanasynda  zähmet çekýän hünärmenleriň arasynda,  Hormatly Prezidentimiziň dünýä döwletleri bilen amala aşyrýan dost doganlyk ýörelgesi we bu barada alnyp barylýan işler dogrusynda hem-de Hormatly Prezidentimiziň  “Türkmenistanyň Bitaraplygy ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly kitabynyň tanyşdyrylyş, wagyz-nesihat  duşuşygy geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň giň paýhasyndan dörän “Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly täze kitap halkymyzyň ýaşaýyş ýörelgesine, döwletimiziň halkara abraýyna degişli möhüm çemeleşmeleri özünde jemläp, milli baýramçylyklaryň ruhuna mynasyp sowgat boldy. Bu neşir ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň ýagty ýörelgesini giňişleýin beýan edýär. Parahatçylyk söýüjilik, dostluk, hoşniýetlilik ýörelgelerine esaslanýan bu syýasatyň mazmuny okyjy üçin düşnükli, giň manyly seljerme bilen açylyp görkezilýär. Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edildi – täze kitapda hut şu derejäniň taryhy ähmiýeti, onuň sebitdäki we ählumumy derejedäki orny dolulygyna şöhlelendirilýär. 

   Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy döwletimiz üçin özboluşly ösüş ýoluny açdy. Bu syýasat türkmen halkynyň müňýyllyklardan gaýdyp gelýän hoşniýetlilik däplerine, goňşular bilen mynasyp gatnaşyklara, halkara giňişliginde jogapkärli hyzmatdaşlyga esaslanýar. Hormatly Prezidentimiziň bu ajaýyp kitabynda beýan edýän garaýyşlarynda Bitaraplygyň häzirki zaman dünýäsindäki ähmiýeti aýratyn nygtalyp geçilýär:
“Bi­ta­rap­lyk äh­lu­mu­my dur­nuk­ly­ly­gy we howp­suz­ly­gy üp­jün et­me­giň, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li baş­lan­gyç­la­ry dur­mu­şa ge­çir­me­giň, hal­ka­ra de­re­je­de wa­jyp me­se­le­le­ri öza­ra yna­nyş­ma­gyň, dia­log ar­ka­ly hem-de jo­gap­kär­çi­lik esa­syn­da ara alyp mas­la­hat­laş­ma­gyň we ola­ry çöz­me­giň mö­hüm gu­ra­ly­dyr”.

    Parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi gazanmak ugrunda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligi bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga ygrarlydygynyň ýene-de bir tassyklanmasy boldy diýsek, hakykatdan daş düşmeris.                     Şu pursatda bizem Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, şunuň ýaly belent abraý-mertebä eýe bolandygymyz bilen köp sag bolsyn aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, tutýan tutumly işlerinde elmydama rowaçlyklara beslensin!

TSTP