Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy döwletleriň hem-de halklaryň arasynda özara düşünişmegi, netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.

  Ýakynda  Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda “Şanly bedew” hojalyk jemgyýetinde zähmet çekýän  hünärmenleriň arasynda, “Türkmenistan-parahatçylygyň gözbaşy, dost-doganlyk mekanynyň naýbaşy”  atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

   Türkmenistanyň Bitaraplygy parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň içerki işine gatyşmazlyk, olaryň özygtyýarlygyna, çäk bitewüligine hormat goýmak, açyklyk ýaly asylly ýörelgelerden ugur alýar. Döwletimiz maksada okgunly, özygtyýarly, bitarap, şol bir wagtyň özünde-de, işjeň hem netijeli daşary syýasaty durmuşa geçirýär. Ynsanperwer we demokratik ýörelgelere eýerýän ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesini almagy bilen, durmuş we ykdysady taýdan ähmiýetli strategik wezipeleri üstünlikli çözýändigini ynamly aýtmak bolar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan BMG-niň iň ynamdar hyzmatdaşy hökmünde ykrar edilýär, uly abraýdan peýdalanýar. Bagtyýarlygyň we berkararlygyň ýoly bilen öňe barýan ata Watanymyz Merkezi Aziýa sebitinde ylalaşdyryjy merkez bolup çykyş edýär, şeýle-de dünýä döwletleriniň arasynda birek-birege hormat goýmagy, ynanyşmagy, özara düşünişmegi giňden wagyz edýär, parahatçylygyň tarapdary bolup durýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky sessiýasynyň plenar mejlisinde hormatly Prezidentimiziň halklaryň arasyndaky parahatçylygy hem-de ynanyşmagy pugtalandyrmak maksady bilen, Parahatçylyk we ynanyşmak medeniýeti meseleleri boýunça bütindünýä sammitini geçirmek, halkara ynanyşmagyň ählumumy kodeksini işläp taýýarlamak, şonuň esasynda halklaryň arasyndaky özara ylalaşmak, hormat goýmak, dünýä meselelerini bilelikde çözmek, hyzmatdaşlygy berkitmek ýaly ýörelgelerini dowam etdirmek boýunça teklipleri öňe sürmegi biziň ynsanperwerlige daýanýan oňyn syýasatymyzyň jahan içre dabaralanýandygyny görkezdi.

   Parasatly taglymatlary, beýik başlangyçlary bilen döwletimizi, halkymyzy aýdyň geljege tarap ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, mertebeleri hemişe belent bolsun!

TSTP