Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan Diýarymyzda ägirt uly işleri durmuşa geçirilýär.
2025-nji ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda “Nur bina” hususy kärhanasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrylmagy mynasybetli “Türkmen halkanyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýä ýüzündäki abraý-mertebesiniň belentliginiň alamatydyr” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
Parahatçylyk dörediji aýdyň maksatlary, ynsanperwer syýasaty bilen dünýäde giňden tanalýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary, köptaraply başlangyçlary bilen uly üstünlikleriň we ösüşleriň ýoly bilen öňe barýar.
Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar. Ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasyny amala aşyrmakdaky uly üstünlikler, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde we umumadamzat ösüşlerine dahylly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda döwletimiziň alyp barýan syýasaty dünýä bileleşigi tarapyndan goldanylýar. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan hukuk derejesi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy Milletler Bileleşiginiň taryhynda hem möhüm sahypa öwrüldi. Şu ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna eýe bolmagynyň 30 ýyllygynyň Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy bilen gabat gelmeginde çuňňur many bar. Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlyk döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Türkmenistanyň halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça jogapkärçilikli we başlangyçly çemeleşmesi Milletler Bileleşiginiň ýokary bahasyna eýe boldy. Şunda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birliklerine, şol sanda onuň iri wekilçilikli düzümi bolan Baş Assambleýanyň sessiýalarynyň wise-başlyklygyna birnäçe gezek saýlanylmagy hem bellenilmäge mynasypdyr.
Ýurdymyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmek ugrynda alyp barýan, türkmen halkynyň hak howandarlary Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
TSTP