Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

“ÝUNISEF-IŇ GURAMASY BILEN HYZMATDAŞLYGY ÝOLA GOÝULÝAR RÖWŞEN GELJEGE SARY” ATLY WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda  Türkmenistan Diýarymyzda ägirt uly işleri durmuşa geçirilýär.

2025-nji ýylyň  dekabr aýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň kiçi mejlisler jaýynda, Ýurdymyzda Gurbanguly Berdimuhammedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ÝUNISEF bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi mynasybetli “ÝUNISEF-iň guramasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýulýar röwşen geljege sary” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. 

    Ýurdumyzda jemgyýetiň iň gymmatly hazynasy bolan, adamyň saglygyny goramaga gönükdirilýän işleriň netijesinde, saglygy goraýyş ulgamynda Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, hem-de  Gahryman Arkadagymyzyň howandarlygynda yzygiderli tutumly işler amala aşyrylýar. 

       Ajaýyp taryhy wakalara ser salanymyzda 2021-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, Howandarlyga mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredilip we ol gaznanyň mümkinçiliklerinden, şu güne çenli haýyr-sahawat işlerinde ençeme  çagalaryň saglygyny dikeldip, we şol sanda çylşyrymly   opreasiýalary edilip,  çagalaryň saglygyny goramaklyga üpçün edýär. Häzirki döwürde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ugurdaş düzümler, abraýly halkara guramalar, şol sanda BMG-niň Çagalar gaznasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Munuň özi türkmen halkyna mahsus ynsanperwer ýörelgeleriň bütin dünýäde rowaçlanmagyna giň ýol açýar. Ýola goýulýan gatnaşyklaryň ösdürilmegine, hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary öz içine almagyna möhüm ähmiýet berilýär we Şoňa görä, gelejekde netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny aýdyňlygy bilen görmek bolýar. 

   Ýurdymyzy mundan  beýläk-de okgunly ösdürmek ugrynda alyp barýan,   türkmen halkynyň hak howandarlary Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň  uzak, il-ýurt  bähbitli  işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw  edýäris.

TSTP