Dünýäde parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna, halklaryň abadançylykly ýaşaýşyna, ýurdumyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen taglymatyň beýanyna öwrülen bu belent baýramyň çawy bu günki gün Ýer ýüzüne ýaýraýar.
Toýdur-baýramlara beslenýän ata Watanymyzda şu günler aýdym-sazly baýramçylyk çärelere uly orun berilýär. Halkara we parahatçylyk ýylynda Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy giňden bellenilýär.
Şeýle baýramçylyk çäresi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komiteti tarapyndan «Bitaraplyk» toý mekanynda şatlyk-şowhuna beslenip geçirildi. Aýdym-sazly baýramçylyk çäresiniň dowamynda medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde doganlyk halklaryň dillerinde ýaňlanan belent owazly aýdymlar, ajaýyp tanslar dost-doganlygyň, baky bagtyýarlygyň, parahatçylyk söýüjiligiň, döwranly döwrüň waspy bolup ýaňlandy. Baýramçylyk çäräniň dowamynda Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komiteti tarapyndan Hormat hatlary hem-de sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Halklaryň arasynda dost-doganlygyň, agzybir gatnaşygyň pugtalanmagy ugrunda yzygiderli tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
TSTP