Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň mejlisler jaýynda partiýanyň agzalarynyň arasynda baý many-mazmunly çäreler yzygiderli geçirilip durulýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komiteti tarapyndan guralýan wagyz-nesihat çäreleri giň gerimde alnyp barylýar. «Hormatly Prezidentimiziň daşary syýasaty ugry ýurdumyzyň ösüşlerine, dünýäniň abadançylygyna gönükdirilen tagallalary, öňe sürýän başlangyçlary rowaçlyk tapýar» ady bilen ýakynda geçirilen maslahat duşuşygy hem täsirli çäreleriň biri boldy.
Duşuşykda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Watanymyzda bolup geçýän taryhy ähmiýetli wakalar, dürli ugurlarda gazanylýan guwandyryjy üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler barada söz açylyp, ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň rowaçlyga beslenilişi, ýaşlaryň uly üns-alada bilen gurşalyp alnyşy, olaryň bilim almagy, döwrebap şertlerde zähmet çekmegi, Watanymyzyň ajaýyp ösüşlerine mynasyp goşant goşmagy üçin döredilýän mümkinçilikler dogrusyndaky gürrüňe aýratyn ähmiýet berildi.
Ruhubelentlik ýagdaýynda geçen duşuşykda ýaşlara halal we päk zähmet çekmek, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek bilen bagly gymmatly öwüt-ündewler aýdyldy. Duşuşyga gatnaşanlar hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlar baradaky bimöçber aladalaryna sagbolsunlaryny beýan etdiler.
TSTP