Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

BITARAPLYK-DÜNÝÄNIŇ PARAHATÇYLYK TAGLYMATY

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komiteti tarapyndan Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň «Pagta egriji» fabriginiň mejlisler jaýynda «Bitaraplyk-dünýäniň parahatçylyk taglymaty» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň içeri we daşary syýasaty barha rowaçlanýar. Dünýä syýasatynda Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýy has-da artýar. Halkymyzyň aňyna siňen ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk söýüjilik syýasaty bu günki gün alnyp barylýan beýik işlere badalga bolup durýar.

Wagyz-nesihat çärede Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ajaýyp şygarynyň asyl mazmunynda ata Watanymyzyň halkara ähmiýetli möhüm başlangyçlarynyň durandygy, halkara hukuk derejesi üç gezek ykrar edilen Bitarap Türkmenistanyň dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen işjeň gatnaşyklary barada täsirli gürrüň edildi.

Çäräniň dowamynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Bitarap Türkmenistanyň öňe sürýän parahatçylyk, ynanyşmak ýörelgeleriniň tutuş dünýäde mundan beýläk-de dabaralanmagy arzuw etdiler.

TSTP