Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komiteti, Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde guramagynda «Bitaraplyk-ösüşiň we hoşniýetli hyzmatdaşlygyň binýady» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Bitaraplyk taglymatynyň baş maksady dünýä döwletleriniň we halklarynyň arasynda birek-birege ynanyşmagy, parahatçylygy, dost-doganlygy gazanmakdan, parahatçylyk arkaly ählumumy ösüşi üpjün etmekden ybaratdyr. Watan – ata-babalarymyzyň bize galdyran iň uly mirasy. Bu mirasyň müňýyllyklardan bize gelip ýetmeginde birek-birege ynanmagyň, agzybirligiň, ula hormat, sarpa goýmak ýaly ýörelgelerimiziň orny uludyr. Şeýlelikde, asyrlaryň dowamynda kalplarda ýaşan parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýaly häsiýetler halkymyzyň durmuş ýörelgesine öwrülipdir. Ajaýyp zamanamyzda bolsa hormatly Prezidentimiz we Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň kalbynyň bezegi bolan ol ýörelgeleri dünýä açyp görkezýär diýip giňişleýin belläp geçdiler.
Çäräniň dowamynda dünýä ýüzünde parahatçylyk söýüjilik syýasatyny öňe sürýän hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
TSTP